Ispaniýanyň çempionatynda futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan duşuşygy, “El Klasikoda” ýer eýeleri “Real Madrid” topary ýeňiş gazandy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda madridlileriň 3 goly-da ofsaýt sebäpli, hasaba alynmady. Şol sanda Mbappe penaltiden hem ýerlikli peýdalanyp bilmedi (52-nji minut). 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madridiň” gollaryny 22-nji minutda Mbappe, 43-nji minutda Jud Bellingam geçirdi. Katalonlaryň ýeke-täk goluny bolsa 38-nji minutda Fermin Lopez öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň 90+10-njy minutynda “Barselonadan” Pedri gyzyl kart aldy. Şeýle-de, oýnuň ahyrynda ýüze çykana sene-meneden soň “Realyň” ätiýaçdaky derwezeçisi Lunine hem gyzyl, 2 tarapdanam birnäçe futbolça-da sary kart görkezildi. Bu ýeňişden soň lider “Real Madrid” 2-nji ýerdäki “Barselonadan” 5 utuk öňe saýlandy. Şeýle-de, resmi oýunlarda “Real Madrid” “Barselonany” 106-njy gezek ýeňlişe sezewar etdi (“Barselonanyň” 104 ýeňşi bar). “Real Madrid” 5 oýundan soň “Barselonany” ýeňmegi başardy.
Ýer eýelerinden Budemiriň 2 gol geçirip, 1 penalti salyp bilmedik oýnunda “Selta” myhmançylykda “Osasunadan” 3-2 hasabynda üstün çykdy we möwsümdäki ilkinji ýeňşini baýram etdi. Myhmançylykda “Walensiýany” Moreno (45 p) hem-de Komesaniýanyň (57) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Wilýarreal” 3-nji ýerdäki ornuny saklamagyny dowam edýär.
“La Ligada” 10-njy tapgyryň netijeleri:
Real Sosiedad – Sewilýa: 2-1 (Oýarzabal 19 p, 36 – Gudel 30),
Žirona – Owiedo: 3-3 (Stuani 64 p, 90 p, Unai 83 – Winias 38 p, Rondon 57, Karmu 90+7),
Espanýol – Elçe: 1-0 (Romero 47),
Atletik – Hetafe: 0-1 (Maýoral 75),
Walensiýa – Wilýarreal: 0-2 (Moreno 45 p, Komesaniýa 57),
Malýorka – Lewante: 1-1 (Maffeo 79 – Eýong 22),
Real Madrid – Barselona: 2-1 (Mbappe 22, Bellingam 43 – Fermin Lopez 38),
Osasuna – Selta: 2-3 (Budimir 37 p, 45+1 – Jutgla 26, 69, Duran 88),
Raýo Wallekano – Alawes: 1-0 (Alemao 90+1),
Betis – Atletiko (şu gije)
PDF









