Hy­ta­ýyň «Envision Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy iki ga­nat­ly ýel be­ke­di­ni sy­nag­dan ge­çir­di. Tur­bi­na 500 gü­nüň do­wa­myn­da 99,3% ne­ti­je­li­lik bi­len bök­denç­siz iş­le­di. Bi­ler­men­ler iki ga­nat­ly tur­bi­na­la­ryň adat­da­ky üç ga­nat­ly tur­bi­na­lar­dan has az teh­ni­ki ideg ta­lap ed­ýän­di­gi­ni, ula­nyş möh­le­ti­niň uzak bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le tur­bi­na­lar, esa­san, de­ňiz­de üýt­ge­ýän ho­wa şert­le­ri­ne çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, iki ga­nat­ly tur­bi­na­lar ön­dü­ri­len­de has az ma­te­ri­al sarp edil­ýär, ola­ry gur­na­mak hem aň­sat bol­ýar. «Envision Ener­gy» iki ga­nat­ly tur­bi­na­la­ry 2012-nji ýyl­dan bä­ri kä­mil­leş­dir­ýär. Şol ýyl kom­pa­ni­ýa Da­ni­ýa­da şeý­le tur­bi­na­nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny gu­rup­dy.