“Renault” topary elektroulag önümçiligine degişli tehnologiýany kämilleşdirmek maksady bilen “Airbus” bilen hyzmatdaşlyk eder. Bu hyzmatdaşlyk “Airbus” kompaniýasynyň geljekde gibrid uçarlary işläp taýýarlamaga hem ýardam eder. Iki kompaniýanyň inženerleri uzak aralyga gitmäge ukyply elektroulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berýän has köp energiýa saklaýan batareýalary işläp taýýarlarlar. 2030-njy ýyla çenli elektroulag batareýalarynyň kuwwaty iki essä çenli artdyrylar. Bu bolsa, elektroulaglaryň iň uly böleginiň ýeňlemegine getirer. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulanyşdan galan batareýalary gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanmaga degişli tehnologiýalary hem işlenip taýýarlanar.
Isa Rejepbaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









