Gün­de­lik dur­muş­da amal­la­ryň kö­pü­si­ni, esa­san, eli­miz bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýä­ris. Sa­lam­laş­ýa­rys, hat ýaz­ýa­rys, na­har iý­ýä­ris, öý jan­dar­la­ry­ny sy­pa­la­ýa­rys, bag­la­ra ti­mar ber­ýä­ris… Eli­ňi ýuw­mak hem diş­le­ri aras­sa­la­mak ýa-da sa­ça ti­mar ber­mek ýa­ly ze­rur en­dik­le­riň bi­ri­dir. Eý­sem, siz eli­ňi­zi ta­la­ba­la­ýyk ýuw­ýa­ňyz­my?!
Mik­rob­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi eli­miz­de sak­la­nyp, ola­ry ýu­wut­mak dür­li ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Şah­sy aras­sa­çy­ly­gy ber­jaý et­mek üçin eli­mi­zi talabalaýyk ýuw­ma­ly.
Il­ki bi­len, eli­ňi­zi öl­le­me­li. Soň­ra kö­pür­jik­le­ýän­çä sa­byn çal­ma­ly. Kö­pür­ji­gi eliň äh­li ýe­ri­ne – aýa­sy­na, ar­ka­sy­na, bar­mak­la­ryň ara­sy­na, dyr­nak­la­ryň aşa­gy­na azyn­dan 20 se­kunt­lap sürt­me­li. Soň­ra ma­za­ly ýuw­ma­ly. Eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­dan soň ba­da-bat gu­rat­ma­ly.
Nä­çe wagt­dan ýuw­ma­ly?
Eli­ňi­zi gü­nüň do­wa­myn­da ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­ma­ly. Esa­san hem, eli­ňi­ze ha­pa ýo­kan­da, na­har­dan öň we soň, ha­jat­ha­na­dan çy­ky­lan­dan soň, öý jan­dar­la­ry­ny sy­pa­la­ny­ňyz­dan soň, bur­nu­ňy­zy el­lä­ni­ňiz­den soň hem-de üs­gü­ri­len­den ýa-da as­gy­ry­lan­dan soň eli­ňi­zi hök­ma­ny ýag­daý­da ýuw­ma­ly.
Gyz­gyn­my ýa-da so­wuk suw?
So­wuk ýa-da gyz­gyn suw mik­rob­la­ry aýyr­mak­da deň de­re­je­de tä­sir ed­ýär. Ýyly su­w hapalary has gowy aýyrýar. Mik­rob­la­ry aýyr­mak­da esa­sy üns ber­me­li zat sa­byn ulan­mak­dyr.
Sa­byn­my ýa-da zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­ler?
Eli sa­byn bi­len ýuw­mak iň amat­ly­sy hem-de ýa­ram­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Gün­de­lik dur­muş­da eli aras­sa­la­mak üçin, esa­san, sa­byn ulan­ma­ly. Zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­le­ri ulu­la­ryň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da peý­da­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­da su­wy tyg­şyt­ly ulan­ma­gy unut­maň!