2024-nji ýylda Londonda we dünýäniň beýleki şäherlerinde “Elvis Evolution” şow-görkezilişi guralar. Tomaşaçylar sahnada Elwis Presliniň gologrammasyny görüp bilerler.  Elwis Presli aradan çykandan 47 ýyl soň, ýene-de sahna gaýdyp gelýär. Rok we Roll şasy emeli aňyň kömegi bilen janlandyrylar. Şu ýylyň noýabr aýynda Londonda deslapky görkeziliş bolar. Tomaşaçylar sahnada sazandanyň müňlerçe öý suratlary we wideolary esasynda döredilen doly göwrümli gologrammasyny görerler. Şeýle hem bu görkezilişler Las-Wegasda, Tokioda we Berlinde guramak meýilleşdirilýär. Elwis Preslini “janlandyrmak” pikiri ABBA topary topary tarapyndan meýilleşdirildi.