ABŞ-nyň Kongresinde emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmäge we bu ugurda ýörite federal ministrligi döretmäge gönükdirilen täze kanun taslamasy taýýarlandy. Senator Berni Sanders we Kongresiň agzasy Greg Kass bu başlangyjy resmi taýdan hödürlediler.

Resminama laýyklykda, ýurtdaky emeli aň işlerini gözegçilikde saklamak üçin täze Emeli aň ministrligini döretmek hem-de adamzada howp salyp biljek «superaň» ulgamlarynyň döredilmegini doly gadagan etmek meýilleşdirilýär. Kanun taslamasy täze ministrlik tarapyndan umumy federal howpsuzlyk kadalary we düzgünleri berk berkidýänçä, has öňdebaryjy emeli aň ulgamlaryny işläp düzmegi wagtlaýyn bes etmegi talap edýär.

Parlamentariler bu çäreleriň adamyň gözegçiliginden çykyp biljek we garaşsyz hereket edip biljek tehnologiýalaryň öňüni almak üçin zerur ädimdigini belleýärler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýaly kompaniýalarynyň käbir işgärleriniň bu başlangyjy goldandygy habar berilýär.