“Gartner” ylmy-barlag we maslahat beriş firmasy tarapyndan geçirilen täze pikirsoraşma, emeli aň (EA) ulgamlaryny ornaşdyrýan kompaniýalaryň tehnologiýanyň hakyky peýdasyna garamazdan, işgärlerini köplenç esassyz azaltýandygyny ýüze çykardy. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän kompaniýalaryň 350 ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen barlagda, EA ýa-da awtonom tehnologiýalary synagdan geçirýän guramalaryň 80 göteriminiň işgärleriň sanyny azaldandygy mälim boldy. Geň galdyryjy ýeri, bu işden çykarylmalar hatda täze ulgamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde görkezijiler gowulandyrmadyk, hatda tersine, ýaramazlaşan ýagdaýlarynda hem amala aşyrylypdyr.
“Gartner” kompaniýasynyň wise-prezidenti we seljerijisi Helen Puatweniň bellemegine görä, kompaniýalar işgärleriň sanynyň azaldylmagyny tehnologiýany ornaşdyrmagyň esasy maksady hökmünde gören ýagdaýlarynda örän çäkli peýda alýarlar. Ulgamy işgärleriň ornuny tutmak üçin däl-de, olaryň öndürijiligini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin «adam güýjüni artdyryjy» gural hökmünde ulanan guramalar iň ýokary we täsirli netijeleri gazanypdyrlar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda ýolbaşçylaryň tehnologiýa bolan garaýşy dürli-dürlidir: olaryň üçden bir bölegi emeli aňyň adamlara karar kabul etmekde diňe kömek etmegine garaşsa, 27 göterimi bolsa tehnologiýanyň adamyň gatnaşmazlygynda doly özbaşdak karar kabul edip biljekdigine ynanýar.
Bu ýagdaý zähmet bazaryndaky statistikalarda hem aýdyň ýüze çykýar. 2025-nji ýylda kompaniýalar, şol sanda Kremniý jülgesindäki iri tehnologiýa ägirtleri, işgärleriň işden çykarylmagyny emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen işjeň düşündirdiler. “Challenger, Gray & Christmas” guramasynyň maglumatlaryna görä, awtomatlaşdyrma 2026-njy ýylyň mart we aprel aýlarynda işgärleriň işden çykarylmagynyň baş sebäbi boldy we ýylyň dowamynda 49 müň 135 adam şu bahana bilen işini ýitirdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň tutuş dowamynda bellenen sandan hem geçýär. Bilermenler käbir kompaniýalaryň EA infrastrukturasyny ösdürmäge we gymmat bahaly tehnologiýalara serişde tapmak üçin işgärleriň sanyny azaltmalary maliýe tygşytlylygy maksady bilen ulanýandyklaryny, käte bolsa emeli aňyň diňe bir formal bahana hökmünde öňe sürülýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, “Gartner” munuň heniz zähmet bazarynyň giň gerimli we gurluş taýdan doly täzeden gurulmagyny aňlatmaýandygyny, kompaniýalaryň häzirlikçe diňe synag geçirýändigini belleýär.
PDF









