Saud Arabystany emeli aň çipleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan ABŞ-nyň “Groq” kompaniýasyna 1,5 milliard dollar maýa goýar. Bu maýa goýum Patyşalygyň emeli aň ugrundaky öňdebaryjy ornuny berkitmek boýunça möhüm ädimleriniň biridir. Maýa goýumyň esasy bölegi kompaniýanyň Saud Arabystanynyň Dammam şäherindäki, emeli aň çiplerine esaslanýan maglumat merkezleri üçin sarp ediler diýip, “servernews.ru” neşiri habar berýär.
“Alphabet” kompaniýasynyň öňki inženeri tarapyndan esaslandyrylan “Groq” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Kremniý jülgesinde (Kaliforniýa, ABŞ) ýerleşýär. Kompaniýa özüniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen öňe saýlanyp, 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen maýa goýum tapgyryndan soň onuň umumy bahasy 2,8 milliard dollara ýetdi.
Saud Arabystanynyň emeli aň infrastrukturasyny kämilleşdirmek maksady bilen goýan 1,5 milliard dollarlyk maýasynyň esasy bölegi “Groq” kompaniýasynyň maglumat merkezlerine gönükdiriler. Bu taslama Saud Arabystanynyň nebit ägirdi “Aramco”-nyň golçur kompaniýasy “Aramco Digital” bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Bu maglumat merkezlerinde Saud Arabystanynyň hökümeti tarapyndan işlenip düzülýän, arap we iňlis dillerini goldaýan “Allam AI” atly uly dil modeli (LLM) ulanylar.
Bu ädim Saud Arabystanynyň ýurduň ykdysadyýetiniň nebite bolan garaşlylygyny azaltmak hem-de tehnologiýa bilen EA ugruna uly maýa goýmak baradaky giňişleýin strategiýasyna laýyk gelýär. Patyşalyk emeli aň ugrundaky maksatlaryny goldamak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.