Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň ahyryna çenli Hindistan bilen erkin söwda şertnamasyny baglaşmagy maksat edinýär – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Nýu-Deli sapary wagtynda belledi.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi iki hyzmatdaşyň şu ýyl erkin söwda şertnamasynyň üstündäki işleriň tamamlanjakdygyny habar berdiler.
-Biz öz toparlarymyza şu ýylyň ahyryna çenli özara peýdaly ikitaraplaýyn erkin söwda şertnamasyny baglaşmagy tabşyrdyk – diýip, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belledi.
-Ýewropa üçin Hindistan ynam binýady. Indi gury ýerde, deňizde we kosmosda howpsuzlyk we goranyş boýunça hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmegiň wagty gelip ýetdi. Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasy dünýädäki iň uly şertnama bolar. Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň arasyndaky gepleşiklere geosyýasy ýagdaýlar itergi berýär – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Hindistan Premýer-ministri Narendra Modi bilen geçirilen gepleşiklerden soň belledi.
Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň arasynda erkin söwda boýunça gepleşikler 2007-nji ýylda başlandy. Şeýle-de bolsa, olar 2013-nji ýylda togtadyldy. Muňa garamazdan, 2022-nji ýylda gepleşikler täzeden başlandy we 2023-2024-nji maliýe ýylynda Hindistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky umumy söwdasy 137,4 million dollara ýetdi. Ýewropa Bileleşigi özüniň awtoulaglary we atyrlary üçin hindi bazaryna girmegi maksat edinýär. Bu aralykda, Ýewropaly fermerler Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlaryň bäsdeşliginden alada bildirýärler.