Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Ernest Hemingweýiň körpe ogly amerikan ýazyjysy Patrik Hemingueý 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada «New York Times» gazeti merhumyň garyndaşlaryna salgylanyp habar berdi.
“Ýazyjy Ernest Hemingueýiň ikinji ogly Patrik Hemingweý 4-nji sentýabrda Montana ştatynyň Bozman şäherindäki öýünde aradan çykdy. Onuň aradan çykandygy barada Hemingweýleriň maşgalasynyň wekili Bettina Klinger tassyklady” diýlip habarda aýdylýar.
Hemingweýiň ogly kakasynyň “Hakykatyň ýalkymy” atly kitabyny tamamlap, 1999-njy ýylda neşir etdirdi. Şeýle hem uly Hemingweýiň eserleriniň dürli neşirlerine, şol sanda “Ýaraglar bilen hoşlaşyk” (2006 neşir), “Afrikanyň ýaşyl depeleri” (2016) we “Hemişe ýanyňdaky baýram” (2009) ýaly kitaplaryna sözbaşy ýazdy.
Üç ýyl ozal Patrik Hemingweý 30 ýylyň dowamynda kakasy bilen alşylan 120 hatdan ybarat ýygyndyny çap etdirdi. Kitap “Gadyrly kaka” diýlip atlandyryldy.