1933-nji ýylyň 3-nji aprelinde Ýer ýüzüniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň üstünden uçarda geçilýär. Britan ekspedisiýasynyň çäklerinde iki sany “Westland” uçarynda şotlandiýaly Duglas Duglas-Hamiltonyň hem-de iňlis Dewid MakIntaýryň ýolbaşçylygynda, Stýuart Bleker hem-de Sidney Bonnetiň gözegçilik etmeginde dagyň üstünden geçilýär. Bu baradaky başlangyç has ir – 1918-nji ýylda başlaýar. Şol ýyla çenli uçarlar üç müň metre çenli belentlikden uçup bilýärdi. 1918-nji ýylda iňlis dagçylyk fiziology Aleksander Kellas uçarlaryň dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagyndan (8 müň 848 metr) aşyp geçip biljekdigini öňe sürýär. Şeýle hem Kellas bu başlangyjyň daga dyrmaşmak üçin amatly ugurlary kesgitlemäge ýardam etjekdigini belleýär. Şol döwürler dagyň beýik gerişlerine dyrmaşylmaýardy. Birnäçe ýyl dowam eden synanyşyklaryň netijesinde bu arzuw amala aşýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda adaty ýolagçy uçarlary Ewerest dagynyň üstünden geçmeýärler.