1889-njy ýylyň 31-nji martynda Parižde Fransuz Rewolýusiýasynyň ýüz ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara serginiň giriş derwezesi hökmünde “wagtlaýyn” gurlan Eýfel diňi dabaraly ýagdaýda açylýar. Açylyş dabarasyna äpet polat desganyň dizaýneri Gustaw Eýfel, Fransiýanyň Premýer-ministri Pýer Tirar, birnäçe beýleki resmi adamlar, binanyň gurluşygyna gatnaşan 200 töweregi gurluşykçy we beýleki adamlar gatnaşýar.
Ondan öň Fransiýa hökümeti Fransuz Rewolýusiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli, halkara sergisini meýilleşdirdi we Parižiň merkezindäki Şan-de-Marsda guruljak ýadygärligiň dizaýn bäsleşigini yglan etdi. Ýüzýyllyk Komiteti hödürlenen 100-den gowrak dizaýnyň arasyndan Gustaw Eýfeliň hödürlän, beýikligi 1000 futa (300 metr) golaý bolan, şol döwürde dünýäde iň beýik gurluş boljak polat diňiň meýilnamasyny saýlaýar. Eýfel metal desgalary gurmakda ussatdy, şol döwürler Nýu-Ýork aýlagyndaky Azatlyk heýkeliniň çarçuwasyny dizaýn edipdi.
Açyk polat gurluşy köp adam tankyt etdi. Demir “üýşmeginiň” fransuz binagärligine gelişmejekdigini, Parižiň merkezinde onuň göze ýakymsyz boljakdygyny öňe sürdüler. Eýfel äpet diňi bary-ýogy iki ýylyň içinde gurup gutardy. Gurluşyk wagtynda diňe bir işçi heläk boldy, bu bolsa şol wagt şeýle uly taslama üçin örän az pida diýmekdi. Ýeňil, uzakdan howalanyp görünýän gurluş, ähli görkezijiler babatda tehnologik täsinlik boldy hem-de entek gurluşygy gutarmanka görmäge köp adam baryp başlady.
Gurlup gutarylan wagty Eýfel diňiniň beýikligi 984 fut (300 metr bolup) bolup, dört sany esasy sütüne daýanýan demir çarçuwadan ybaratdy. Ýokarlygyna çürelip gidýän gurluş esasy üç bölekden ybarat. Diňiň aýaklarynda liftler bar. Eýfel diňiň meşhur aýna torly liftlerini dizaýn etmek üçin “Otis Elevator” atly amerikan kompaniýasy bilen şertnama baglaşýar. Emma liftleriň gurluşygy açylyş gününe çenli gurlup gutarylmandy. Şol sebäpli Gustaw Eýfel birnäçe ýoldaşy bilen diňiň basgançaklaryndan çykyp, baýdak sütüninde ägirt uly üç reňkli fransuz baýdagyny asýar. Soňra ikinji platformadan feýerwerkler atylýar. Eýfel we onuň ýoldaşlary aşak düşýär. Binagär myhmanlaryň öňünde çykyş edýär. Şol ýylyň maý aýynyň başynda Pariž Halkara sergisi açylýar we diň ägirt uly serginiň giriş derwezesi bolup hyzmat edýär.
Eýfel diňi 1930-njy ýylda Nýu-Ýorkda “Chrysler” binasynyň gurluşygy tamamlanýança dünýäniň iň beýik gurluşy bolmagynda galdy.
Täsin ýeri, wagtlaýyn gurlan Eýfel diňi Halkara serginiň ýer üçin 20 ýyllyk kärende möhletiniň gutarýan wagtyna çenli – 1909-njy ýylda ýykylmalydy. Ýöne radio ýaýlymy üçin antenna hökmünde onuň gymmaty binany ýykylmakdan halas etdi. Ol häzirki wagtda köp babatda ilkibaşdaky nusgasyndan o diýen üýtgemedi we dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri bolmagynda galýar.