1887-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda häzirki wagtda dünýäniň iň köp görülýän desgalarynyň biri bolan Eýfel diňiniň gurluşygyna başlanýar. Polat desga 1889-njy ýylda geçiriljek Bütindünýä sergisiniň derwezesi hökmünde gurulýar. Ilkibaşda parižliler bu “demir ýygyndysyny” şäheriň binagärlik gözelliginiň gelşigini gaçyrýandygy sebäpli halamaýarlar. Emma binagär Gustaw Eýfeliň eseri bolan diň entek gurlup gutarylmanka köpleriň ünsüni çekip başlaýar. Açylmagyna 5 galanda ony görmäge barýanlaryň sany 2 milliona ýetýär. Beýikligi 300 metre ýetýän bina halkara sergi tamamlanandan soňra, aýrylmaly eken.