Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti 16-17-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan guramanyň agzalary bolup durýar.

Eýran ŞHG-nyň dokuzynjy agzasy bolar. Bu barada “Kommersant” gazeti habarly çeşmelere salgylanyp mälim etdi.  “Ýakyn günlerde guramanyň dokuz agzasy bolar. Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitde döwlet baştutanlary Eýrany öz toparyna kabul edilmeginiň başlanandygyny yglan ederler. Ýöne ŞHG-a goşulmak üçin birnäçe wagt gerek bolup biler – diýip neşir belleýär.

Russiýanyň Eýrandaky ilçisi Lewan Jagarýan ozal “RIA Nowosti” habar gullugyna Moskwanyň Tähranyň ŞHG-ä agza bolmak baradaky arzasyny goldaýandygyny, sebäbi bu iki döwletiň “halkara we sebit meselelerinde birmeňzeş garaýyşlarynyň bardygyny” aýdypdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary tarapyndan döredilen hemişelik hökümetara halkara guramadyr. ŞHG-ny döretmek baradaky jarnama 20 ýyl ozal Şanhaýda alty ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda gol çekilipdi. 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda Hindistan we Pakistan ŞHG-ä kabul edildi. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa guramadaky synçy ýurtlar bolup galan bolsa, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka hyzmatdaş ýurtlardyr.

Eýran 2008-nji ýylda bu gurama goşulmak üçin ýüz tutupdy. Eýranyň ýüz tutmagyna uzak wagtlap garalmagynyň esasy sebäbi halkara gatnaşyklary bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda Wenada bilelikdäki giňişleýin hereket meýilnamasyny dikeltmek we Amerikanyň Eýrana bolan çäklendirmelerini aýyrmak boýunça gepleşikler dowam edýär, altynjy tapgyr 20-nji iýunda tamamlandy.