9-njy dekabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde hezreti Fateme Zähranyň doglan güni we Zenanlar hem-de eneler güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre eneleriň we zenanlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki möhüm ornuna, şeýle hem eýran we türkmen medeniýetlerinde eneleriň beýik mertebesine bagyşlandy.
Dabaraly çärä Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we talyplary, paýtagtyň ýaşaýjylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani, Hezreti Fatemäniň doglan güni we Zenanlar güni mynasybetli eden çykyşynda zenanlaryň häzirki durnuksyz döwürdäki medeni, jemgyýetçilik we syýasy taýdan örän möhüm ornuny nygtady.
Ilçi Ruzbehani, Eýranda bu baýramçylygyň eziz pygamberiň gyzy Hezreti Fateme Zähranyň doglan güni bilen gabat gelmegi bilen, eneleriň maşgala döretmekde, nesil terbiýelemekde we milli gymmatlyklary gorap saklamakdaky esasy ornuny belledi. Ol zenanlaryň gazanan üstünliklerini aýratyn belläp geçip, şeýle diýdi:
-Zenanlar häzirki döwürde ylym, döredijilik, syýasat, ykdysadyýet we raýat jemgyýeti ýaly dürli ugurlarda işjeň hereket edýärler. Olar diňe bir ene we mugallym däl, eýsem alymlar, telekeçiler, müdirler we syýasatçylar hem bolup bilýärler. Bu bolsa zenanlaryň ukyp-başarnyklarynyň köpdürlüligini görkezýär.
Ilçi eýran we türkmen medeniýetlerindäki enäniň ornuny deňeşdirip, iki medeniýetde-de enä hormat goýmak ahlak kadalarynyň esasyny düzýändigini belledi. Eneler maşgalanyň esasy sütüni bolup, däp-dessurlary we gymmatlyklary indiki nesillere geçirýärler. Olar maşgalanyň gymmatlygyny gorap saklamakda we edep-terbiýe bermekde esasy orun eýeleýärler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi zenanlar we eneler güni mynasybetli eden çykyşynda enäniň yslam dinindäki ýokary ruhy mertebesini we terbiýeçilikdäki ornuny nygtady.
Jenap Abbasi, Ymam Homeýniniň sözlerini getirmek bilen, aýal maşgala we umuman adamlara mahsus ähli gowy häsiýetleriň Fateme Zährada jemlenendigini we onuň zenan mertebesi babatynda görelde bolup durýandygyny aýtdy. Ol “Jennet eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr” diýen pähime ünsi çekip, enäniň razylygynyň iň möhüm zatlaryň biridigini belledi. Abbasi enäniň maşgalada we jemgyýetde ägirt uly ornunyň bardygyny, onuň ruhy terbiýäniň binýady bolup durýandygyny nygtady. Ene diňe bir maşgalanyň esasy däl, eýsem, adamzat we jemgyýet üçin terbiýe mekdebidir.
Allatagalanyň Gurhanda özüne ynanmak meselesinden soň, ene-ata ýagşylyk etmegi aýratyn nygtamagy, yslam dininde olara hormat goýmagyň örän uly ähmiýetini görkezýär. Enä ýagşylyk etmek kabul edilen hajyň sogabyna deňdir. Ol çykyşynda pars şygryýetiniň şahyr zenany Pärwin Etesaminiň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan eneleriň ýokary mertebesi baradaky pähimler getirilip, iki medeniýetde-de enä hormatyň esasy orny eýeleýändigi belledi.
Jenap Abbasi sözüniň ahyrynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ilkinji goldan döwletleriň biridigini belläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, Milli Liderini we halkyny Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.