Halkara Nowruz güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresine ilçihananyň işgärleri we Türkmenistanyň ylym we medeniýet pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani açdy we bu baýramçylygyň Gündogarda gelip çykandygynyň kanuna laýyklygyny belläp geçdi. Baýramçylyk çäresinde ilçihananyň işgärleri, şeýle hem türkmen alymlary çykyş edip, bu gadymy baýramçylygyň taryhy, onuň bilen bagly däp-dessurlar barada gürrüň berdiler.
Baýramçylyk çäräsiniň çäklerinde türkmen we eýran sungat ussatlarynyň el işleriniň eksponatlarynyň sergisi hem guraldy. Eýran sergisiniň merkezinde Nowruz baýramyna mahsus bolan nyşanlar ýerleşdirilip, olaryň hatarynda «Haft Sin», ýagny Nowruzyň gelmegini alamatlandyrýan ýedi tabajyk bar. Däp bolşy ýaly, tabakjyklar datly tagamlary taýýarlaýan zenanlaryň şekilleri bilen bezelipdir.
Türkmen sergisinde bolsa ýurdumyzyň her welaýatyna mahsus bolan el nagyşlary, toýundan ýasalan özboluşly önümler, şeýle hem syrçaly keramikadan ýasalan Türkmenistanyň kartasy goýlupdyr. Şeýle hem serginiň diwarlyklarynda türkmen we eýranly suratkeşleriň gözel tebigaty, bahar paslyny, milli gymmatlyklary şekillendirýän suratlar görkezildi.
Dabaraly çäre baýramçylyk tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.