10-njy fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabarada Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda dostlukly döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 470 million amerikan dollaryna golaý bolup, iki ýurt hem hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda işleýärler. Ilçi wekiliýetleriň saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylyp durulmagynyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda resminamalara gol çekilmeginiň, şeýle hem Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça üstaşyr arabaglanyşygyň işjeňleşdirilmeginiň we energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň halkyny bu şanly baýram bilen gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşligiň bolandygy barada habar berdi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentini baýram bilen gutlady we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglaryny ýetirdi.
Çärä ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň myhmanlar üçin baýramçylyk agşamlygy guraldy.