Ýaşyl zolaklar şäher tebigatynyň aýrylmaz bölegi, olar diňe bir gözellik sazlaşygy bolman, eýsem, arassa ekologiýa gurşawyny emele getirmek bilen, ilatyň sagdyn ýaşaýşynyň hem möhüm şertidir. Şol sebäpli ýurdumyzyň ähli künjeginde, şeýle hem paýtagtymyzda agaç nahallarynyň ekilmegine, tokaý zolaklarynyň döredilmegine örän uly ähmiýet berilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýram ediler. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle işleriň çäklerinde welaýatlaryň we Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, tebigy künjekleri döretmek bilen bagly birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň çäklerinde-de tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çägi barha giňeýär. Seýilgäh zolaklary howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Bu babatda «akylly» şähere nusgalyk ornuň degişlidigini bellemek gerek. Täze şäheriň ekologiýa babatda birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolmagy-da bu hakykaty doly tassyklaýar.
Gandym GANDYMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.