Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň (HZG) Zäh­met­keş­le­riň iş­le­ri bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­rä gat­naş­mak üçin se­bit ýurt­la­ry­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet­ler Aş­ga­ba­da gel­di.
Ýur­du­myz­da Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Dün­ýä­niň 187 ýur­du­ny ag­za hök­mün­de bir­leş­dir­ýän bu gu­ra­ma zäh­met gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my ka­bul edi­len ka­da­la­ra we düz­gün­le­re la­ýyk­lyk­da al­nyp bar­ly­şy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýär hem-de howp­suz zäh­met şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi ug­run­da döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­na gol­daw ber­ýär.
Du­şu­şyk­da ýur­du­my­zyň Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy bi­len yzy­gi­der­li ös­dür­ýän hyz­mat­daş­ly­gy­na hem aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Türk­me­nis­tan 1993-nji ýyl­dan bä­ri bu gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, ge­çen dö­wür­de onuň 11 sa­ny kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy. Kon­wen­si­ýa­lar­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ra yg­rar­ly bo­lan ýur­du­myz hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny mil­li ka­nun­çy­ly­ga or­naş­dyr­makda ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi iş­gär­le­riň hu­kuk­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni, dur­muş ada­lat­ly­ly­gy­ny gol­da­mak, zäh­met şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak işin­de mö­hüm we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan has-da ös­me­gi­ne go­şant goş­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak we ös­dür­mek, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak, tej­ri­be­le­ri alyş­mak üçin tä­ze tap­gy­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar. Mu­nuň özi se­bit ýurt­la­ryn­da­ky ok­gun­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş öz­gert­me­le­ri­niň çäk­le­rin­de hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ça­ry Ka­ka­ba­ýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.