“Apple” kompaniýasy täze nobatdaky seriýa degişli smartfonlaryny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrdy. “iPhone 17” telefonlary kamera, batareýa, material we dizaýn ýaly birnäçe ugurda täzeligi özünde jemleýär. 9-njy sentýabr güni kompaniýa “iPhone 17”, “iPhone 17 Pro”, “iPhone 17 Pro Max” we seriýanyň täze agzasy “iPhone 17 Air” smartfonyny tanyşdyrdy. “iPhone 17 Air” ozalky ähli smartfonlardan ýukalygy bilen tapawutlanýar. Gabarasy titandan ýasalan smartfonyň galyňlygy bary-ýogy 5,6 mm.
“iPhone 17”-leriň öňki kamerasy adaty 4:3 ölçeginde däl-de, kwadrat formatda surata alýan täze sensor bilen edilipdir. Şeýlelikde kamera bilen surata düşürilende, “Center Stage” atly aýratynlygy bilen, wideojaňlarda ulanyjyny ekranyň ortasynda görkezýär. Şeýle hem bu aýratynlyk telefony dik saklamak arkaly hem selfi surata düşmäge mümkinçilik berýär. Telefondaky emeli aň ulanyjynyň islegine görä, suratlary awtomat ýagdaýda 4:3, 16:9 ýa-da kwadrat görnüşinde döredýär.
“iPhone 17 Pro”-larda bolsa, öňki we yzky kameralar arkaly şol bir wagtyň özünde widoeýazgy hem edip bolýar. Bu bolsa, demo wideolaryny ýa-da wlog düşürmegi aňsatlaşdyrýar.
Telefonlaryň yz tarapyndan ozalky ýyllardaky ýaly üç kamera sensory bar, emma olaryň ählisi hem 48 MP durulygynda surata düşürip bilýär. Geçen ýylky seriýada 12 MP durulygynda bolan telefoto linza 56 göterim uly sensor bilen üpjün edilipdir.

Has çydamly batareýalar
“Apple” uzak wagtdan soňra smartfonlarynyň we sagatlarynyň batareýalaryny kämilleşdiripdir. “17 Pro” modellerinde gaýtadan alýumin gabara oturdylypdyr. Bu modeliň batareýasy hem has uly. “iPhone 17 Pro Max”-yň batareýasy 39 sagat wideo görmäge mümkinçilik berýär. “16 Pro Max”-da bu görkeziji 33 sagatdy. Emma bu diňe “eSIM”-li modellere degişli. Adaty sim kartly smartfonlarda bu görkeziji 2 sagat az.
“iPhone 17 Air” modeliniň ýuka bolmagynyň sebäbiniň “ýokary dykyzlykdaky” batareýasy sebäplidigi bellenildi. Bu modelde 40 sagada çenli wideo görüp bolýar. Şeýle hem bu telefon 10 minut zarýada goýlanda, 8 sagat wideo görmäge mümkinçilik berýär.
Telefonlarda “A19 Pro” çipi oturdylypdyr. 3nm ölçegli bu çipler enjamyň has çalt işlemegine mümkinçilik berýär.

Gaýtadan işlenen materiallar
Kompaniýa enjamlaryň önümçiliginde ulanylan materiallaryň köp böleginiň ozalky ulanylan materiallaryň gaýtadan işlenmeginden alnandygyny mälim etdi. Esasan, “iPhone Air”-iň önümçiliginde ulanylan çig malyň 80 göterimi ozalky ulanylan materialdan alnan çig maldan öndürilipdi.
“17 Pro” hem-de “17 Pro Max” modelleri ekrany we yz tarapy çyzylmagy çydamly “Ceramic Shield” tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir.
Ähli smartfonlaryň ýadynyň azyndan 256 GB-dygy mälim edildi.
Bahasy
“iPhone 17”: 799 dollar
“iPhone 17 Air: 999 dollar
“iPhone 17 Pro”: 1 müň 99 dollar
“iPhone 17 Pro Max”: 1 müň 199 dollar
Täze enjamlary satyn almak üçin 12-nji sentýabrda internet arkaly sargyt edip bolýar. 17-nji seriýa degişli enjamlar 19-njy sentýabrda dükan tekjelerinde peýda bolar.