Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­ly­gy gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) düýp­li sel­jer­me­le­ri­ne gö­rä, oba ho­ja­ly­gy­nyň we azyk ul­gam­la­ry­nyň “giz­lin çyk­da­jy­la­ry” ýyl­da 10 tril­lion dol­la­ra çen­li bo­lup bi­ler – bu je­mi içer­ki önü­miň, tak­my­nan, 10%-ine deň­dir.
FAO 154 ýurt­da bar­lag ge­çir­di we “Azyk we oba ho­ja­ly­gy­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da” 2023-nji ýy­lyň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. On­da FAO-nyň hü­när­men­le­ri giz­lin çyk­da­jy­la­ra ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ta­kyk ha­sap­la­ma­la­ry ge­çir­di­ler.
FAO-nyň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, iň uly ýit­gi­ler (70 gö­te­rim­den gow­rak) ila­tyň sag­dyn iý­mit­len­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gaý­ta­dan iş­le­nen iý­mit­le­ri, köp muk­dar­da ýag we şe­ker iý­mek se­miz­li­ge we ýo­kanç däl ke­sel­le­re, şeý­le-de zäh­me­tiň ön­dü­ri­ji­li­giň pe­sel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le zy­ýan ýo­ka­ry we or­ta gir­de­ji­li ýurt­lar­da has-da ýo­ka­ry­dyr.
Je­mi ýit­gi­le­riň bäş­den bi­ri daş­ky gur­şaw bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, oňa bug gaz­la­ry­nyň we azo­tyň zy­ňyn­dy­la­ry, ýe­riň we su­wuň ula­ny­ly­şy­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­le­ler gir­ýär. Bu äh­li ýurt­la­ra tä­sir ed­ýän me­se­le bo­lup, mag­lu­mat­la­ryň çäk­li bol­ma­gy se­bäp­li onuň ge­ri­mi­ne kem­ba­ha ga­ral­ma­gy äh­ti­mal­dyr.
Pes gir­de­ji­li ýurt­lar oba ho­ja­ly­gy­nyň önüm­çi­li­gi­niň giz­lin çyk­da­jy­la­ryn­dan has-da köp ejir çek­ýär­ler. Şeý­le ýit­gi­ler je­mi içer­ki önü­miň dört­den bir bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär, or­ta gir­de­ji­li ýurt­lar­da 12%-den, ýo­ka­ry gir­de­ji­li ýurt­lar­da 8%-den az. Pes gir­de­ji­li ýurt­lar­da ep-es­li de­re­je­dä­ki giz­lin çyk­da­jy­lar ga­ryp­lyk we ýe­ter­lik iý­mit­len­mez­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly.
FAO ha­sa­ba­ty hö­kü­met­le­ri we hu­su­sy pu­da­gy oba ho­ja­ly­gy­nyň we azyk ul­ga­my­nyň giz­lin ýa-da “ha­ky­ky” çyk­da­jy­la­ry­ny ta­kyk we do­ly ha­sap­la­mak ar­ka­ly has yzy­gi­der­li we jik­me-jik sel­jer­mä­ge, soň­ra bol­sa bu zy­ýan­la­ry azalt­mak üçin çä­re gör­mä­ge ça­gyr­ýar.
Hö­kü­met­ler esa­san, sal­gyt­lar, sub­si­di­ýa­lar, ka­nun­lar we düz­gün­ler ýa­ly has go­wy ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin dür­li gu­ral­la­ry ula­nyp bi­ler­ler. Ta­kyk çyk­da­jy­la­ry ha­sa­ba al­mak, bar­lag we mag­lu­mat do­lan­dy­ry­şyn­da in­no­wa­si­ýa­la­ry, şeý­le hem mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­mak üçin ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ta­lap ed­ýär.
-Bu ha­sa­bat sy­ýa­sa­ty ýö­re­di­ji­ler­den we hu­su­sy pu­dak­lar­dan baş­lap tä bar­lag ge­çi­ri­ji­ler we sarp edi­ji­le­re çen­li äh­li hyz­mat­daş­lar üçin ça­gy­ryş bo­lup hyz­mat eder di­ýip umyt ed­ýä­rin – di­ýip, FAO-nyň baş mü­di­ri Sýuý Dun­ýuý aýt­dy.