Ýokary depginde dowam edýän Afrika Milletler Kubogynda “C” toparçada Nigeriýanyň ýygyndysy Marokkonyň Fes şäheriniň adybir stadionynda Tanzaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ajaýi bilen Lukmanyň gollaryna M’Mombwanyň geçiren ýeke-täk goly ýeňşe ýetmedi. Toparçadaky beýleki faworit topar Tunisiň ýygyndysy Ugandanyň milli toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Shiri (10) bilen Açuri (40, 64) öz atlaryna ýazdyrdylar.

“D” toparçada çempionlygyň dalaşgärleriniň hatarynda görkezilýän Senegalyň ýygyndysy Botswananyň milli toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollaryň 2-sini Nikolas Jekson, beýlesini bolsa Ndiaýe tora girizdi. Ýarym asyrdan soň Dünýä Kubogyna gatnaşjak Kongo DR-niň ýygyndysy Rabatdaky “Al Medina” stadionynda Beniniň milli toparyny Teo Bongondanyň 16-njy minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda utup, ýaryşa 3 utuk bilen başlady.
35-nji Afrika Milletler Kubogynda şu gün 4 duşuşyk geçiriler we toparçalardaky 1-nji oýunlar tamamlanar. “E” toparçada Burkina Fasonyň ýygyndysy Ekwator Gwineýasy bilen (17:30), Alžir bilenem Sudanyň ýygyndysy duşuşar (20:00).
2 güýçli ýygyndyny özünde jemleýän “F” toparçada kubogyň häzirki eýesi Kot-d’Iwuaryň milli topary Mozambik bilen (22:30), şeýle-de Kamerunyň ýygyndysy Gabonyň milli topary bilen güýç synanyşar (01:00).
PDF









