Türkiýäniň çempionatynda 26-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berlip, ýeňlişsiz ýoluny dowam edip gelýän “Fenerbahçe” bu derejesini ýitirdi. Myhmançylykda iň aşaky orunda barýan “Fatih Karagümrük” topary bilen duşuşan “Fenerbahçe” 2-0 hasabynda asgyn gelip, şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu olaryň çempionatda 26 (şu möwsümde 25, geçen möwsümden hem 1 oýun) duşuşykdan soň ilkinji ýeňlişi hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Ýewropanyň esasy futbol çempionatlarynda “Benfikadan” başga ýeňlişsiz topar galmady.

“Fatih Karagümrük” toparyna taryhy ýeňiş getiren gollary 1-nji ýarymda – 15-nji minutda Bartug Elmaz bilen 45+1-nji minutda Serjinio öz atlaryna ýazdyrdylar. “Fatih Karagümrük” topary çempionatyň taryhynda “Fenerbahçeni” soňky gezek 67 ýyl ozal ýeňipdi. Ýagny Türkiýäniň çempionatynyň 2-nji möwsüminde 1959/60 möwsüminde, 1959-njy ýylyň noýabrynda utupdy. Bu bolsa ýurduň çempionatynda 2 ýeňşiň (bir toparyň başga bir topary ýeňmegi) arasyndaky iň uzak möhlet hökmünde hasaba alyndy.

Häzirki wagtda çempionatda “Galatasaraý” 1 oýny kem “Fenerbahçeden” 4 utuk öňde barýar. “Galatasaraý” 26-njy tapgyrdaky duşuşygyny şu gije geçirer. Soňky 3 ýylyň çempiony “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Istanbul Başakşehir” toparyny kabul eder.