Ýekşenbe güni, has takygy, 15-nji iýunda başanjak FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda 63 duşuşyk geçiriler. Täze formatda geçirilýän ýaryş ABŞ-nyň 11 şäherinde guralar we oňa dünýäniň çar künjeginden 32 klub gatnaşar. PSŽ, “Real Madrid”, “Bawariýa”, “Mançester Siti” ýaly klublar 4 ýyldan bir gezek guraljak bu ýaryşyň ilkinji çempionlygynyň esasy dalaşgärleri hasaplanýar. Geçiriljek duşuşyklaryň agramly bölegi Aşgabat wagty bilen 21:00-da, , 00:00-da, 03:00-da, 06:00-da başlanar. Käbir duşuşyklaryň başlanýan wagty 23:00, 01:00, 07:00 diýlip kesgitlendi. Müsüriň “Al-Ahli” topary bilen ýer eýesi hökmünde ýaryşa gatnaşýan “Inter Maýami” klubunyň arasyndaky açylyş duşuşygy ýekşenbe güni daňdan 05:00-da start alar.
Duşuşyklaryň kalendaryny şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz!