Dünýä futbolynyň hojaýny FIFA-nyň “The Best” baýraklarynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. PSŽ-niň ýyldylary – argentinaly Lionel Messi, braziliýaly Neýmar, fransiýaly Kilian Mbappe, Mançester Ýunaýtediň portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo, Bawariýanyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski, Çelsiniň ýarymgoragçylary italiýaly Žoržinio, fransiýaly N’Golo Kante, Real Madridiň fransuz hüjümçisi Karim Benzema, Mançester Sitiniň belgiýaly ýarymgoragçysy Kewin De Bruýne hem-de Borussiýa Dortmundyň norwegiýaly hüjümçisi Erlin Holand hem-de Liwerpulyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah dagy ýylyň iň gowy futbolçy bolmak ugrunda dalaşgär görkezildi.
Iň gowy derwezeçi baýragyna-da Alisson Beker, Janluiji Donnarumma, Eduar Mendi, Manuel Noýer hem-de Kasper Şmeýhel dalaşgärlige hödürlendi.
Erkekleriň arasynda ýylyň tälimçisi baýragyna-da Antonio Konte, Hans-Diter Flik, Pep Guardiola, Roberto Mançini, Lionel Skaloni, Diego Simeone hem-de Tomas Tuhel dalaşgär görkezildi.
Ýylyň iň gowularyny saýlamak üçin ses berlişik 10-njy dekabra çenli dowam eder. Baýragyň ýeňijileri geljek ýylyň 17-nji ýanwarynda mälim ediler.