Angliýanyň Liga Kubogynda (EFL Cup) finalçylar belli boldy. Sişenbe güni finala çykan «Arsenalyň» garşydaşy «Mançester Siti» bolup, şäherliler öz meýdançasynda «Nýukasly» Marmuş (7, 29) hem-de Reýndersiň (32) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny 62-nji minutda Elanga geçirdi. 1-nji oýunda şäherliler 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Sişenbe güni oýnalan London derbisinde «Arsenal» öz meýdançasynda hem «Çelsini» ýeňipdi. Kai Hawertsiň 90+7-nji minutdaky goly bilen üstün çykan «Arsenal» 1-nji oýunda-da 3-2 hasabynda utupdy.
«Mançester Siti» bilen «Arsenalyň» arasyndaky final duşuşygy 22-nji martda Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalar.
«Mançester Siti» 10-njy, «Arsenal» 9-njy gezek finala çykyp, şäherliler 8, topçular bolsa 2 sapar ýeňiji boldy.
PDF









