“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawyň başyny “ABC Supply” gurluşyk kompaniýasynyň eýesi işewür Diana Hendriks çekdi. Onuň baýlygy 22,3 milliard dollar diýlip hasaplanýar. Işewürliginiň taryhynda iň şowly zenanlaryň biri hasaplanýan 78 ýaşly Hendriks birnäçe ýyl bäri öňdäki orny saklap gelýär. Ol öz adamsy Ken Hendriksi aradan çykandan soň, “ABC Supply” kompaniýasyna ýolbaşçylyk etdi. Olar bu kompaniýany 1982-nji ýylda bilelikde esaslandyrypdy.
Ikinji orny “Epic Systems Corporation” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory 81 ýaşly Judi Folkner eýeledi. “Epic Systems Corporation”, Wiskonsin ştatynyň Werona şäherinde ýerleşýän hususy eýeçilikdäki saglygy goraýyş ulgamy üçin programma üpjünçiligini işläp düzýän kompaniýasydyr. Onuň baýlygy 7,8 milliard dollara barabar. Üçlügi 6,9 milliard dollar baýlygy bilen “Little Caesars Pizza” restoranlar ulgamynyň 92 ýaşly eýesi Mirian Iliç jemleýär.
Ilkinji ýigrimilige şou-biznes ýyldyzlary hem girdi – telealypbaryjy Opra Uinfri (3,1 milliard dollar), işewür we model Kim Kardaşýan (1,7 milliard dollar). Aýdymçy Teýlor Swift 1,6 milliard dollar baýlygy bilen 21-nji orny eýeleýär.