“Inter” öňki futbolçysyny tälimçilige belledi

60

Simone Inzagini Saud Arabystanyna ugradan “Inter” topary täze tälimçisini mälim etdi. Milan şäheriniň wekili ozalky futbolçysy, rumyniýaly Kristian Kiwuny toparyň tälimçiligine belledi. “Inter” topary 44 ýaşyndaky hünärmen bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Tälimçilik karýerasyna şu ýyl başlan Kiwu fewralda “Parma” toparynyň tälimçiligine bellenipdi. Topary ligada saklamagy başaran Kiwu futbolçylyk ýyllarynda “Interde” 6 möwsüm oýnady. Ol “Nerazzurrileriň” düzüminde 168 oýunda  gezek tapawutlandy. Çep gyraky goragçynyň ornunda oýnan Kiwu “Interden” öň “Roma”, “Aýaks” hem-de ýurdunyň “Uniwersitate Kraiowa” we “Raşisa” klublarynyň köýnekçesini geýipdi.

Foto: “Inter” toparynyň resmi internet saýtyndan alyndy.