Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yk­dy­sa­dy ne­şir­le­ri­niň bi­ri bo­lan “For­bes” dün­ýä­niň iň gurp­ly adam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wy­nyň bu ýyl­ky­syn­da 2 müň 640 ada­myň ady bar. Sa­naw­da adam­la­ryň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­nyň baý­lyk­la­ry­nyň ge­çen ýyl­da­ky­dan aza­lyp­dyr. 28 ada­myň ady sa­naw­da aý­ry­lyp­dyr. Ola­ryň de­re­gi­ne 150 tä­ze at go­şu­lyp­dyr. Mil­li­ar­der­le­riň umu­my baý­ly­gy ge­çen ýyl­da­ky­dan 500 mil­liard dol­lar aza­lyp, 12,2 tril­li­on dol­lar bo­lup­dyr.
Baý­ly­gy­ny iň köp art­dy­ran­la­ryň ara­syn­da bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan is­pa­ni­ýa­ly Aman­sio Or­te­ga (17,7 mil­liard dol­lar), elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan Ko­lin Žen Hu­an (18,9 mil­liard dol­lar) we kö­mür söw­da­sy bi­len meş­gul­lan­ýan in­do­ne­zi­ýa­ly Low Tak Kwon (21,8 mil­liard dol­lar) bar.
Em­ma 2022-nji ýyl Ber­nar Ar­no üçin has şow­ly bol­dy. LVMH ýa­ly lýuks brend­le­re eýe­çi­lik ed­ýän işe­wür re­kord de­re­je­dä­ki sa­tu­wy kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy­ny art­dyr­dy. Şeý­le­lik­de Ar­no baý­ly­gy­ny 53 mil­liard dol­lar art­dy­ryp, tak­my­nan 211 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gyň eýe­si bol­dy.
Ge­çen ýyl sa­na­wyň ba­şyn­da­ky Ilon Mask bu ýyl ikin­ji or­na düş­di. Esa­san, elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji­si bo­lan “Tes­la”-dan gir­de­ji ga­zan­ýan işe­wür ge­çen ýy­lyň ap­re­lin­de 44 mil­liard dol­la­ra “Twit­ter” sa­tyn alan­dy­gy­ny mä­lim et­me­gi bi­len paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy 50 gö­te­rim pe­se gaç­dy. Bu bol­sa onuň baý­ly­gy­nyň azal­ma­gy­na ge­tir­di.
“Ama­zon”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zos hem baý­ly­gy­ny ýi­tir­di. Elekt­ron söw­da ägir­di­niň paý­na­ma­la­ry 38 gö­te­rim pe­se ga­çyp, ge­çen ýyl­dan bä­ri 57 mil­liard dol­la­ry­ny ýi­tir­di. Şeý­le­lik­de 114 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bi­len üçün­ji or­na düş­di. Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Oracle” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Ler­ri El­li­son 107 mil­liard dol­la­ry bi­len dün­ýä­de dör­dün­ji baý adam bol­dy. Dür­li ma­li­ýe çök­gün­lik­le­rin­den baş alyp çyk­ma­gy bi­len War­ren Baf­fett (106 mil­liard dol­lar) 5-nj ýe­ri eýe­le­di.
Je­mi baý­ly­gy 344 mil­liard dol­lar bo­lan 150 tä­ze mil­li­ar­de­riň ara­syn­da bas­ket­bol­çy Leb­ron Jeýms we golf­çy Taý­ger Wuds ýa­ly tür­gen­ler hem bar. Wuds we Jeýms bi­len bir ha­tar­da “Mercedes AMG-Pet­ro­nas For­mu­la 1” to­pa­ry­nyň eýe­si To­to Wolff hem 1 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bi­len sa­na­wa gi­rip­dir.
Tä­ze ze­nan mil­li­ar­der­le­riň ara­syn­da hin­dis­tan­ly “Ta­ta Sons” hol­din­gi­niň ozal­ky ýol­baş­çy­sy Saý­rus Mist­ri­niň ozal­ky aýa­ly Ro­hi­ka Saý­rus Mist­ri hem bar. Onuň baý­ly­gy­nyň 7 mil­liard dol­lar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Tä­ze mil­li­ar­der­le­riň 27-si ze­nan­lar.
Tä­ze mil­li­ar­der­le­riň 92-si öz biz­ne­si­ni açyp­dyr­lar we ola­ra maş­ga­la­syn­dan mi­ras gal­man­dyr. Bu ýyl sa­na­wa il­kin­ji ge­zek gi­ren tä­ze mil­li­ar­der­le­riň 51-si ABŞ-ly bo­lup, ýurt ozal­ky ýyl­lar­da­ky ýa­ly öň­de­li­gi eýe­le­ýär.