Işe­wür­lik dün­ýä­si­ne de­giş­li ha­bar­la­ry ýaý­rad­ýan «For­bes» ne­şi­ri mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­na­wa gi­ren­le­riň umu­my baý­ly­gy­nyň 16,1 tril­li­on dol­la­ra ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Bu ýyl­ky sa­na­wa gi­ren­le­riň sa­ny ge­çen ýyl­ky­dan 247 sa­ny kö­pe­lip, il­kin­ji ge­zek 3 müň­den ge­çip­dir. Ola­ryň äh­li baý­ly­gy bol­sa, ge­çen ýyl­da­ky­dan 2 tril­li­on dol­lar kö­pe­lip, 16,1 tril­li­on dol­la­ra ýe­tip­dir. Bu gör­ke­zi­ji­niň dün­ýä­de ABŞ-dan we Hy­taý­dan beý­le­ki is­len­dik ýur­duň je­mi içer­ki önü­min­den köp­dü­gi mä­lim edil­di. Belli işewür Ilon Mask 342 mil­liard dol­la­ry bi­len bi­rin­ji or­ny eýe­läp­dir. Mark Zu­ker­berg 216 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bi­len ikin­ji, 215 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bo­lan Jeff Be­zos üçün­ji bo­lup­dyr.
ABŞ iň köp mil­li­ar­de­riň (902 sa­ny) ýa­şa­ýan ýur­dy bol­ma­gyn­da gal­dy. Bu ugur­da Hy­taý (516 sa­ny) we Hin­dis­tan (205 sa­ny) il­kin­ji üç­lü­ge gir­di. Sa­ny 406-a ýe­ten ze­nan mil­li­ar­der­ler umu­my sa­na­wyň 13,4 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. ABŞ-nyň bö­lek söw­da kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «Wal­mart»-yň mi­ras­dü­şe­ri Alis Wol­ton 101 mil­liard dol­lar baý­ly­gy bi­len dün­ýä­niň iň gurp­ly ze­na­ny bo­lup­dyr. Mil­li­ar­der­le­riň or­ta­ça ýa­şy 66 bo­lup, iň gar­rysy 103, iň kiçisi 19 ýaş­ly.

Aý­ro­za HU­DAÝ­BER­GE­NO­WA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.