Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak 29-njy ýygyndy hem belli boldy. Saýlama tapgyrynyň Ýewropa sebiti boýunça “D” toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Parižde Ukrainanyň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen fransuzlaryň gollarynyň 2-sini Kilian Mbappe geçirip, ol 55-nji minutda penaltiden hem-de 83-nji minutda tapawutlandy. Beýleki gollary bolsa 76-njy minutda Olise bilen 88-nji minutda Ekitike öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, utugyny 13-e çykaran Fransiýanyň milli ýygyndysy bassyr 8-nji, umumylykda 17-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy (1930, 1934, 1938, 1954, 1958, 1966, 1978, 1982, 1986, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018, 2022, 2026). Fransiýanyň milli ýygyndysy 1998-nji ýyldan bäri yzyny üzmän Dünýä Kubogyna gatnaşyp gelýär we soňky 28 ýylda 2 gezek çempion bolmagy başardy.
Toparçada 2-nji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyryna gatnaşjak topar 16-njy noýabrdaky oýunlardan soň belli bolar. Şol gün 2-nji ýerdäki Islandiýa myhmançylykda Ukraina bilen duşuşar. 2 toparyň hem utuklary deň bolup, Islandiýanyň gol gatnaşygy garşydaşynyňka garanyňda artykmaçlyk edýär.
PDF









