Horwatiýaly belli oýunçy Ante Rebiç 12 ýyldan soň öz ýurduna doldy. 31 ýaşyndaky winger Horwatiýanyň meşhur topary “Haýduk Split” bilen erkin agent ýagdaýda 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tejribeli oýunçy karýerasyna Split şäheriniň beýleki topary RNK-de başlap, soňlugy bilen “Fiorentina”, “Leipsig”, “Werona”, “Aýntraht”, “Milan”, “Beşiktaş” hem-de geçen möwsümde “Leççe” klublarynda çykyş etdi. Rebiç klublarda 368 oýunda 78 gezek tapawutlandy.