Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýüzüşe goýberilen “Gadamly” gury ýük gämisi Azerbaýjanyň Baku şäherindäki halkara deňiz portuna bardy.
Azerbaýjan metbugatynyň habaryna görä, Baku şäherindäki halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji “Gadamly” gury ýük gämisiniň resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi. Garşy almak dabarasyna “Azerbaýjan Demir Ýollary” ÝGP-niň (ADY) başlygynyň orunbasary Arif Agaýew, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow, ilçihananyň, halkara deňiz portunyň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Bu gämi Baku şäheri bilen Türkmenbaşy şäheriniň portlarynyň arasynda yzygiderli konteýner daşamalaryny amala aşyrmaga ýardam berer.
Täze gäminiň işe girizilmegi Orta Geçelge, şol sanda bu geçelgäniň Ýewraziýa ulag geçelgesiniň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan möhüm waka hasaplanýar.
Ýük göterijilik ukyby 6100 tonna bolan we her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga mümkinçiligi bolan “Gadamly” gämisiniň ulanmaga berilmegi Baku şäheriniň portunyň ýyllyk ýük dolanyşygynyň artmagyna hem oňaýly täsir eder.
2023-nji ýylyň sentýabrynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan ýük gämileriniň ikisini bilelikde gurmak baradaky şertnama gol çekilipdi.
PDF









