Jo­gap­syz ga­lan so­wal
Bir der­wüş we­la­ýat­la­ryň bi­rin­de «Ba­ky ýa­şaý­şyň sy­ry­ny bil­ýän alym bar» di­ýip eşi­dip­dir we şol gü­nüň özün­de ýo­la dü­şüp­dir. Ol ba­ky döw­ran sür­me­giň sy­ry­ny il­den öňür­ti bil­mek üçin dem-dyn­jy­ny al­man ýol ýö­räp­dir. Ha­çan­da ol ba­ky ýa­şaý­şyň sy­ry­ny bil­ýän ada­myň bo­sa­ga­syn­dan ät­län­de, onuň gar­rap, ýa­ňy­ja jan be­ren­di­gi­ni aý­dyp­dyr­lar.
La­py­keç bo­lan der­wüş yzy­na do­la­nyp, ýol­bo­ýy öňün­den çy­ka­nyň ýa­nyn­da zeý­re­nip­dir.
– Bi­ra­za­jyk öň ug­ran bol­sam, bi­ra­za­jyk öň ba­ran bol­sam bol­jak eken. Di­ri­kä ýe­tiş­jek eke­nim. Şon­da ba­ky ýa­şaý­şyň sy­ry­nam bil­jek eke­nim, öl­män döw­ra­nam sür­jek eke­nim…
Ge­çip bar­ýan daý­han der­wü­şiň zeý­ren­ji­ni eşi­dip sä­gi­nip­dir we oňa şeý­le so­rag be­rip­dir:
– Eger bir adam öz öýün­de aç­lyk­dan ölen bol­sa, onuň öýün­de hal­ta do­ly bug­daý bar­dy­gy­na yna­nyp bo­lar­my?!
– Beý­le za­da di­ňe dä­li ýa ten­tek yna­nar – di­ýip, der­wüş jo­gap be­ren.
– Eger bir adam öz öýün­de teş­ne­lik­den ölen bol­sa, onuň öýün­de küý­ze do­ly suw bar­dy­gy­na yna­nyp bo­lar­my?!
– Beý­le za­da di­ňe dä­li ýa ten­tek yna­nar – di­ýip, der­wüş bu so­ra­ga-da pert jo­gap be­ren.
– Eý­sem, özi gar­rap ölen ada­myň ba­ky ýa­şaý­şyň sy­ry­ny bil­ýän­di­gi­ne güp yna­nan ada­ma nä­me diý­me­li on­da?! Dä­li­mi ýa ten­tek?
Daý­ha­nyň bu so­ra­gy jo­gap­syz ga­lyp­dyr.

Di­rä de­la­lat et
Bir baý ada­myň akyl­dar goň­şu­sy bar eken. Ol bir gün ir­den tur­sa, öýün­de ýe­ke­je go­şa­wu­jam bug­daý gal­man­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär. Ýag­daý şeý­le bo­lan­soň, ol goň­şu­sy­nyň­ka ba­ryp, on­dan ýe­ke­je kü­müş teň­ňe karz ber­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär. Goň­şu­sy gurp­ly bol­sa-da, ga­ty hu­syt­ eken. «Jü­bü­den pul çy­kan­dan je­set­den jan çyk­syn» di­ýip ýa­şa­ýan adam­ eken. Bu ge­ze­gem şeý­le bol­dy: ol her edip, he­sip edip, pul çy­kar­mak möh­le­ti­ni aňyr­ra­ga çek­mä­ge ça­lşyp­dyr:
– Ba­ry-ýo­gy ýe­ke­je teň­ňe bi­len nä­çe wagt my­dar ede­rin öýd­ýäň? Go­wu­sy, ýe­ne bir aý­dan gel, men sa­ňa otuz teň­ňe be­re­ýin. Şon­da bir­sel­lem ki­şä min­net­siz ýa­şar­syň. Gör­ýäň­mi, me­niň jo­mart­ly­gy­my: sen ba­ry-ýo­gy ýe­ke­je teň­ňe di­le­ýäň, men bol­sam sa­ňa otuz teň­ňe eçil­ýän!
Akyl­dar oňa şeý­le di­ýen:
– Ýa­ňy ýol­da gel­ýär­käm gu­ran der­ýa­jyk­da ur­nup ýa­tan ba­ly­gy gör­düm. Ol ja­na­wer men­den go­laý­da­ky gu­ýu­dan iki-üç bed­re suw ge­ti­rip, üs­tü­ne guý­ma­gy­my ha­ýyş et­di. Men bol­sa oňa: «Iki-üç bed­re suw bi­len nä­çe wagt my­dar ede­rin öýd­ýäň? Go­wu­sy, ýe­ne bir hep­de ga­raş, bi­raz elim bo­şaş­syn, şon­da der­ýa­jy­gy bol suw bi­len pü­re­pür ede­ýin» diý­dim. Ba­lyk ja­na­wer bol­sa: «Hä­zir me­ni di­ňe iki-üç bed­re suw ha­las ed­ýär. Bir hep­de­den bol­sa, gi­den bir um­ma­ny ge­ti­rip üs­tüm­den eň­te­reň­de-de, di­rel­jek gü­ma­nym ýok» diý­di.
– Sen mu­ny ma­ňa nä­me üçin aýd­ýaň? – di­ýip, baý göz­ja­ga­zy­ny jer­reld­ýär.
– Ölä däl-de, di­rä de­la­lat et­me­li­di­gi­ne dü­şün­me­giň üçin – di­ýip, akyl­dar ýan­gyn­ly jo­gap be­rip­dir.

Ki­miň sar­pa­sy be­lent
Bir okuw­çy mu­gal­ly­myn­dan so­rap­dyr:
– Aýt­sa­ňyz­laň, adam­lar ki­me has köp sar­pa goý­ýar­lar – köp gep­lä­ne­mi ýa-da az gep­lä­ne?
Mu­gal­lym şeý­le di­ýip­dir:
– Hol lä­bik bat­ga­lyk­da­ky gur­ba­ga­lar daň atan­dan ag­şa­ma çen­li war­ryk­la­şyp geç­ýär­ler. Ýö­ne ola­ra bar­my­sy­ňyz diý­ýän ýok. Gaý­ta her ki­miň gaç­gy­ny şo­lar. Gy­zyl ke­keç ho­raz bol­sa, di­ňe daň atan­da gy­gyr­ýar – oňa hem­me ki­şi «hä» ber­ýär: owa­zy eşi­di­len­den örüp, iş­li-işi bi­len bol­ýar.

Top­lan
Nur­me­kan Mäm­met­na­za­row,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men
oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.