20-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezinde işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunda merkeziň bejeriş otaglarynyň, ugurdaş bölümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz Stomatologiýa merkeziniň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine tejribe alyşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany Aksel Zöllner hem-de onuň ýany bilen döwrebap, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri-de gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, merkeziň ähli bölümleri, bejeriş otaglary Germaniýa, Awstriýa, ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa ýaly lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Lukman Arkadagymyz merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz durmuş maksatly desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň we saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.
Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi alyp bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda çagalar üçin aýratynlykda niýetlenen bölümler bar. Alym Arkadagymyz merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, degişli bölümlerde döredilýän iş we dynç alyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri paýtagtymyzdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy we bu işleri dowam etdirmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Lukman Arkadagymyz hünärmenleri taýýarlamagyň, saglygy goraýyş edaralaryna sanly ulgamy, intellektual eýeçiligi giňden ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Munuň özi bejeriş işleriniň netijeli bolmagy bilen bir hatarda, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini-de ýokarlandyrar.
Germaniýaly tejribeli stomatolog lukmanlardyr diş tehnikleri merkezde ornaşdyrylýan enjamlaryň dünýäde iň kämil enjamlardygyny, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarydygyny nygtap, täze desganyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berdiler.
Alym Arkadagymyz lukmançylyk ylmynyň we häzirki zaman tejribesiniň görkezişi ýaly, keseli bejermekden, onuň öňüni almagyň ähmiýetlidigini belläp, dürli keselleriň, şol sanda adamlaryň dişiniň sagdynlygyna zyýan berýän näsazlyklaryň öz wagtynda öňüniň alynmagy babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadagymyz, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda, bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamakda we özara tejribe alyşmakda hem ähli meselelere hemişe möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda dünýäniň öňdebaryjy saglyk merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine üns berilmelidir.