UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. 3 güne paýlanan 1-nji tapgyryň iň soňky gününde 3 topar uly hasaplar bilen ýeňiş gazandy.

Germaniýanyň “Aýntraht” topary öz meýdançasynda “Galatasaraýy” kabul edip, garşydaşyny 5-1 hasabynda ýeňdi. Ýunus Akgünüň 8-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan türk topary 1-nji ýarymyň ahyrlarynda yzly-yzyna 3 gol geçirtdi. Gollary Sançes (37, ö.d.), Jan Uzun (45+2) hem-de Burkardt (45+4) derwezä girizdi. 2-nji ýarymda-da frankfurtlylar ýene 2 gol geçirdi. Olary Burkardt (66) bilen Knauff (75) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýaryşyň debýutantlaryndan “Kairat” topary myhmançylykda “Sportingden” 4-1 hasabynda ýeňildi. Lissabonlylara uly hasaply ýeňiş getiren gollary Trinkao (44, 65), Alisson (67) hem-de Kenda (68) derwezä girizdi. Gazak toparynyň bu ýaryşdaky ilkinji goluny bolsa 86-njy minutda braziliýaly Edmilson öz adyna ýazdyrdy. Oýnuň 21-nji minutynda ýer eýelerinden Morten Ýulmann penaltini dürs urup bilmedi.

Belgiýanyň “Klub Brýugge” topary-da öz meýdançasynda “Monako” bilen duşuşyp, 4-1 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda brýuggelileriň gollaryny Tresoldi (32), Onýedika (39), Wanaken (42) hem-de Diahon (75) derwezä girizdi. “Monakonyň” adyndan tapawutlanan Ansu Fatiniň 90+1-nji minutdaky goly diňe skorbordyň bir tarapyndaky sany üýtgetdi.