Türkiýäniň “Galatasaraý” topary “Milandan” ispaniýaly meşhur hüjümçi Alwaro Moratany transfer etdi. Türk kluby 32 ýaşly ýyldyz oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. Stambullylar ispaniýaly oýunçynyň kärende tölegi hökmünde italýan toparyna 6 million ýewro berer. “Galatasaraý” Moratany geljek ýylyň ýanwarynda “Milana” 8 million ýewro töläp, ymykly düzümine hem goşup biler ýa-da kärende şertnamanyň möhleti 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hem uzaldylar. “Milanda” 24 oýunda 6 gol geçiren Morata “Real Madrid”, “Ýuwentus”, “Çelsi” hem-de “Atletiko Madrid” klublarynyň köýnekçesini geýdi.