Türkiýäniň çempionaty “Süper Lig”-de çempion möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda belli boldy. Sanawyň lideri “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Antalýaspory” kabul edip, kynlyk bilenem bolsa ýeňmegi başardy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmançylykdaky “Antalýaspor” topary 45+3-nji minutda Soner Dikmeniň goly bilen öňe geçdi. Stambullylar 56-njy minutda Mario Leminanyň goly bilen hasaby deňleseler hem Dikmen 62-nji minutda jerime urgusyndan geçiren goly esasynda “Antalýaspory” 2-nji gezek öňe çykardy. “Galatasaraý” bu gola 66-njy minutda Wiktor Osimheniň penaltiden salan goly bilen jogap berip, 2-nji gezek hasaby deňledi. Oýnuň 88-nji minutynda Osimhen 2-nji goluny geçirdi. 90+5-nji minutda Mauro Ikardiniň pasy bilen Kaan Aýhan 4-nji goly geçirip, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Galatasaraý” topary bassyr 4-nji, umumylykda 26-njy çempionlygyny baýram etdi.
Guardioladan soň Okan Buruk
“Galatasaraý” toparynyň tälimçisi Okan Buruk hem futbolçy, hem-de tälimçi hökmünde yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanan 2-nji şahsyýet hökmünde hasaba alyndy. Okan Burukdan öň Pep Guardiola futbolçyka “Barselonada”, tälimçilikde-de “Mançester Sitide” yzly-yzyna 4 gezek çempion bolmagy başarypdy. Okan Buruk bu başarnygy Ýewropanyň öňdebaryjy 10 çempionatynda diňe 1 klubda başaran ilkinji tälimçi hökmünde taryha girdi.
PDF









