Hytaýda dünýäniň iň uly ýüzýän ýel turbinasy gurnaldy

4

Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Ýandzýan şäheriniň kenar ýakalaryndan 70 kilometrden gowrak uzaklykda kuwwaty 16 megawatta barabar bolan dünýäniň iň iri ýüzýän deňiz ýel turbinasyny gurnamak işleri üstünlikli tamamlandy. Täze energetika desgasynyň ulanmaga berilmegi bilen, her ýylda, takmynan, 44,65 million kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa 24 000 hojalygyň sarp edýän energiýasyny doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.
“Three Gorges Pilot” diýlip atlandyrylýan bu äpet desga adaty ýel desgalaryndan tapawutlylykda, deňziň düýbine berkidilmän, ýarym çümýän ýörite platformanyň üstünde ýerleşdirildi. Bu inženerçilik çözgüdi turbinany deňziň has çuň we ýeliň durnukly ösýän ýerlerinde ulanmaga şert döredýär. Desganyň umumy beýikligi 270 metrden geçip, onuň rotorynyň diametri 252 metre deňdir. Turbinanyň ganatlarynyň gurşap alýan meýdanynyň futbol meýdançalarynyň ýedisine barabar bolmagy, her öwrümde ägirt uly möçberdäki ýel energiýasyny toplaýşygy üpjün edýär.
Agramy 24 100 tonna, ölçegleri bolsa 80,8×91 metre barabar bolan bu platforma dokuz sany kuwwatly ýörite labyrlar hem-de poliestr tanaplary arkaly deňziň ýüzünde durnukly saklanýar. Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, bu gurluş deňiz tolkunlaryna we akymlaryna durnukly bolup, deňiz düýbüniň çylşyrymly bolan ýerlerinde hem gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmäge şert döredýär. Ägirt uly gurnama işleri Beýhaý şäheriniň portunda tamamlandy we degişli ýerine çekilip getirildi.