Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bir hepde dowam eden hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalynda Türkmenistan döwletimize mynasyp wekilçilik eden “Galkan” topary finalda ýaryşyň güýçli toparlaryndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” toparyny 4:2 hasabynda utup, baş baýraga mynasyp boldy.
15-nji aprelde badalga alan halkara hokkeý ýaryşyna 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, toparlar 2 toparçada bäsleşdiler. Ýurdumyza “Galkan” topary wekilçilik edip, halkara ýaryşyndaky ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandy.
“A” toparçada çykyş eden “Galkan” topary 4 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, 12 utuk bilen finala çykdy.
Finaldaky garşydaşy Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary boldy. Final duşuşygynyň ilkinji şaýbasyny ildeşlerimiz girizdi. Ýöne oýnuň 1-nji döwünde hasaby deňlän, tatar topary 2-nji döwde 2:1 hasabynda öňe saýlandy.
Ruhdan düşmedik “Galkan” topary 3-nji döwde garşydaşlarynyň derwezesinden jogapsyz 3 şaýbany geçirip, umumylykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.
10 müň orunlyk Gyşky sport oýunlary toplumynda geçirilen duşuşyga ildeşlerimiz bilen bir hatarda daşary ýurtly ilçiler, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän halkara bilim olimpiadasyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtlaryň talyplary hem tomaşa etdiler.
Şeýlelikde, “Galkan” topary altyn medala, Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medaly bolsa, Özbegistanyň “Feniks” toparyny 11:3 hasabynda ýeňen Belarusyň “Volat” topary gazandy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde emin agzalaryna, sport ýaryşynyň teleýaýlymlarda iň gowy teswirleýjilere we ýaryşyň iň gowy türgenleri sylaglandy.
Şeýle hem ýaryşyň çempiony “Galkan” toparyna ýaryşyň baş kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaryşyň iň ökde hüjümçisi hökmünde Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” toparynyň hüjümçisi Aýdar Mihkahow saýlandy.
Ýurdumyzyň “Galkan” toparynyň goragçysy Musa Annasaparow ýaryşyň iň gowy goragçysy derejesine eýe boldy.
Ýaryşda üçünji, ýagny bürünç medaly gazanan Belarusyň “Volat” toparynyň derwezebany Lagun Ýaroslaw iň gowy derwezeban diýlip saýlandy.
Şeýle hem Döwletmyrat Orazberdiýew ýaryşy teleýaýlymlarda ussatlyk bilen alyp baran iň gowy teswirleýji hökmünde sylaga mynasyp boldy.