16 — 25-nji ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy.
Halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, dünýä ýurtlaryndan zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksadydyr. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilip, artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreleriň geçirilendigini we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgadynyň gowşurylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşurylypdy.
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan bu topar milli medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär.
Bu waka “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de bu üstünligi Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.