Ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna 28-nji ýanwarda Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Ajaýyp wakanyň hormatyna guralan çäreler hakyky türkmen toýlaryna mynasyp derejede geçirildi. Oňa gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler.
“Galkynyşa” sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de, toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Soňra dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ýola düşdüler. Atly ýörişe gatnaşyjylar sirkiň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň eýwanynda guralan sergini synladylar. Sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirilipdir. Bu gymmatlyklaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2025-nji ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklaryna, şonuň ýaly-da, häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglaryna aýratyn orun berlipdir. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir.
Soňra «Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalynda dabara geçirildi. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Bu waka toparyň gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.
Bellenilişi ýaly, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna mynasyp öwüşgin çaýýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem 2026-njy ýylyň şygaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny, ahalteke bedewleriniň biziň buýsanjymyzdygyny we şöhratymyzdygyny aýratyn nygtapdy.
Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl halkara festiwalda örän gowy çykyş edip, sirk sungatynyň ösmegine ajaýyp goşant goşandygyny, şol çykyşyň taryhy waka bolandygyny nygtap, toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.
Ol toparyň gazanan üstünliginiň Türkmenistanda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilmegi netijesinde mümkin bolýandygyny aýdyp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. “Siziň toparyňyz, çapyksuwarlaryňyz we atlaryňyz, hakykatdan-da, ýokary derejeli, täsirli çykyşlary bilen festiwalymyzyň bezegine öwrüldi. Olaryň gazanan üstünliklerini, ýokary ussatlyklaryny hem-de ýurduňyzyň mertebesini nähili belent derejede görkezendiklerini hiç haçan ýadymyzdan çykarmarys. Siziň aramyzda bolmagyňyz biziň üçin uly mertebe boldy” diýip, Urs Pilz aýtdy.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýulýandygy barada aýdylyp, täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagynyň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara üstünlikleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.
Soňra sirkiň sahnasynda bu günki dabara mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu çykyşlar tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ýerine ýetirilen çykyşlar ýurdumyzda atçylyk sportunyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.