Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Oba hojalykçylaryň galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görmegi, orak möwsüminde ähli işçi düzümiň sazlaşykly alnyp barylmagyna, kärendeçileriň ýylyň dowamynda çeken päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap Watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine orak geçirilen ýerleriň gektar sanynyň barha artýandygy, galla harmanlarymyzyň gün-günden beýgelýändiginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa 14-nji iýunda girişdiler. Şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy.
Sebitleriň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylýar. Obasenagat toplumyna gelip gowuşýan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň, öndürijilik kuwwatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.
Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar – ýangyç-çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýär. Mehanizatorlar, sürüjiler, oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guraldy. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün edýär. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary önjeýli işleýärler. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitleýärler.
15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewleriň yhlasy bilen ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata berdi.
Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe galla oragy möwsümini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyny üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary, önümçilige öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaklary babatda ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär. Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, daýhanlarymyz täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär, halkymyzyň we her bir maşgalanyň abadançylyk derejesi ýokarlandyrylýar.
Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da möhümdir.