20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mas­la­hat­da we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­dä­ki möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gör­mek mak­sa­dy bi­len ze­rur gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. To­hum­lyk eki­len bug­da­ýyň ha­sy­ly­ny ta­la­ba­la­ýyk ýyg­nap al­mak üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. We­la­ýat­la­ryň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, ýe­ke­le­mek, otag et­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu ag­ro­teh­ni­ki çä­re­ler­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, pi­le möw­sü­mi­niň çäk­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lan pi­lä­ni ka­bul ediş no­kat­la­ry­na tab­şyr­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. We­la­ýat­la­ryň ýaz­lyk ýe­ral­ma, gök-bak­ja eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem hä­kim­ler 2024-2025-nji okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li 25-nji maý­da «Soň­ky jaň» da­ba­ra­sy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, möw­süm­le­ýin iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­niň, şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gal­la ka­bul ediş kär­ha­na­la­ry, ele­wa­tor­lar, bug­daý da­şa­mak­da ula­nyl­jak aw­tou­lag­lar gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne taý­ýar edil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, to­hum­lyk bug­da­ýyň ha­sy­ly­ny ta­la­ba­la­ýyk ýyg­nap al­mak, sak­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, ýe­ke­le­mek, otag et­mek, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly eki­şi do­wam ed­ýär. Pi­le möw­sü­mi­niň çäk­le­rin­de ýe­tiş­di­ri­len pi­le ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak hem-de döw­let har­ma­ny­na tab­şyr­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Di­ýa­ry­myz­da ýe­ral­ma­nyň, gök-bak­ja, beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da bu ekin­le­re ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, pu­da­gy döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­ni, tä­ze­çil çöz­güt­le­ri ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di we wi­se-prem­ýe­re möw­süm­le­ýin iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li, gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, gal­la ora­gy möw­sü­mi­niň ýe­tip gel­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di hem-de möw­sü­me go­wy taý­ýar­lyk gö­rüp, ony gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­la­ryň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, ýe­ke­le­mek, otag et­mek iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk al­nyp bar­ly­şy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy, go­wa­ça ideg et­mek­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny do­ly güý­jün­de iş­let­mek üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi, we­la­ýat­la­ryň bug­daý meý­dan­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len to­hum­lyk bug­daý ha­sy­ly­ny bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk ýyg­nap al­mak, da­şa­mak hem-de sak­la­mak iş­le­ri­ne go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le-de döwlet Baştutanymyz Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly eki­şi­ni bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çir­me­giň, se­bit­ler­de pi­le taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň, pag­ta we bug­daý ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat edi­ji eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­giň ze­rur ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hormatly Prezidentimiz ýe­ral­ma we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly za­ýa­syz ýyg­nap al­mak iş­le­ri­niň wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ne pug­ta gö­zeg­çi­lik et­me­gi, 25-nji maý­da we­la­ýat­lar­da­ky or­ta mek­dep­ler­de «Soň­ky jaň» da­ba­ra­sy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.