«Cruise Lines International Association» (CLIA) assosiasiýasynyň maglumatyna görä, dünýäde gezelenç maksatly gämilerden peýdalanýan ýolagçylaryň sany ýylsaýyn artýar. Gury ýerde bolşy ýaly, deňizlerde we kenarýakalarda hem tebigy gözellikler az däl. Şeýle bolansoň, köp adam uly syýahatçylyk gämileri arkaly deňiz kenarlaryna we kenarýaka şäherlere syýahat edýär. Geçen ýyl şeýle gämilerden peýdalanan ýolagçylaryň sany 9,3 göterim artyp, 34,6 milliona ýetipdir. Çaklamalara görä, bu görkezijiniň 2028-nji ýylda
42 milliona ýetmegine garaşylýar.
Bu pudagyň global ykdysadyýete goşandynyň
168,6 milliard amerikan dollaryna ýetendigi mälim edildi. Soňky ýyllarda syýahatçylyk gämileriniň daşky gurşaw üçin has az zyýanly bolmagy hem bu gezelençlere bolan islegi has-da artdyrýar. Köp portda arassa ýangyç guýujy beketler, elektrik energiýasyna degişli infrastrukturalara maýa goýum goýulýar. 2028-nji ýyla çenli jemi 650 müň orunlyk 310 gäminiň ulanmaga beriljekdigi bellenilýär.
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.