Ýokary gan basyşy (gipertoniýa) ýürek-damar ulgamyna ýaramaz täsir edýän meseleleriň biridir. Gipertoniýa bejerilmese ýa-da üns berilmese, ýürek ýetmezçiligi, beýniniň işjeňligi we böwrek zeperlenmegi bilen bagly çynlakaý töwekgelçiliklere eltip biler. Hünärmenler gan basyşyny kadaly saklamagyň ýa-da ýokary gan basyşyny tebigy ýollar bilen peseltmegiň usullaryny hödürleýärler.
Limonly suw we aýran içmek. Limonda saklanýan kaliý duzuň gan basyşyny ýokarlandyrmakdaky täsirini peseldýär. Arassa içimlik suwuna limon sykyp içmek gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni alyp, bedeniň köşeşmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, her gün ýeterlik derejede süýt önümlerini iýmek, esasan hem, aýran içmek gan basyşyny kadaly derejede saklamaga kömek edýär. Süýt önümlerinde ýeterlik derejede kaliý saklanýar.
Maşk etmek. Hepdede azyndan 2 sagat orta tizlikde maşk etmek, batly ýöremek ýa-da ýeňiljek ylgamak gan basyşyny kadaly derejede saklamak üçin peýdalydyr. Sebäbi bu maşklar ýürek-damar ulgamyny berkitmäge ýardam edýär. Esasan hem, käbir aerob maşklar stresi azaldyp, nerw dartgynlygyndan dynmak üçin has peýdalydyr.
Sarymsak iýmek. Sarymsak damarlary giňeldip, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ajymtyk ýiti tagamly bu gök önümi çigligine iýip ýa-da nahara goşup, gan basyşyny kadaly derejede saklap bolýar.
Agramy gözegçilikde saklamak. Artykmaç agram bedende dürli kynçylyklary döredýär. Şolaryň biri hem gan basyşynyň ýokarlanmagydyr. Boýuňa we ýaşyňa görä agramy kadaly derejede saklamaga çalyşmaly. Agramy kadaly derejede saklamak üçin bolsa, sagdyn iýmitlenmeli we bedenterbiýe bilen meşgullanmaly.
Käbir iýmitleri goşmak. Iýmit sanawyna kaliý, kalsiý we Omega-3 ýag kislotasyna baý önümleri goşmak gan basyşyny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär. Banan, awokado, pomidor we gawun ýaly miwedir gök-bakja önümlerinde ýeterlik derejede kaliý saklanýar. Süýt önümlerinde, brokkolide, badamda we gök otlarda kalsiniň esasy bölegi saklanyp, balykda (losos), hozda, ýumurtgada we kösükli önümlerde Omega-3 ýag kislotasy bar.
Gün tertibine eýermek. Metabolik sindrom we uky apnesi adamda saglyk bilen bagly çynlakaý meseleleri döredip, gan basyşynyň ýokarlanmagyna täsir edýär. Bularyň öňüni almak üçin gün tertibine eýermeli, dogry iýmitlenmeli hem-de ýeterlik derejede dynç almaly.
Sowuk suwa ýuwunmak. Hünärmenleriň bellemegine görä, hammamy ilki gyzgyn suw bilen başlap, sowuk suw bilen gutarmak nerw damarlaryny herekete getirip, bedeni rahatlandyrýar hem-de ýokary gan basyşynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Gan basyşyna täsir edýän ýagdaýlar:
Gan basyşynyň kadaly ölçegi ortaça, 120/80 hasaplanýar. Gündizki işler we pikirler gan basyşyny birneme ýokarlandyryp, kellagyry we ýadawlyk ýüze çykyp biler. Dik duranyňda ýa-da oturanyňda birden başyň aýlanmagy, görşüň bulaşmagy ýaly ýagdaýlar ýokary gan basyşynyň ilkinji alamatlarydyr. Gan basyşyny saglyk ýagdaýyna görä wagtly-wagtynda ölçäp durmaly. Gan basyşy ýokarlanyp, bedende gowşaklyk alamatlary duýlan halatynda, derrew lukmana ýüz tutmaly.