Hä­zir­ki wagt­da gaz­ly suw we beý­le­ki bir­nä­çe su­wuk­lyk­lar ar­zandygy, ýe­ňildigi we dö­wül­me­ýän­di­gi se­bäp­li plas­tik gap­lar­da sa­tyl­ýar. Em­ma bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal gaz­ly suw çüý­şe gap­la­ra gu­ýul­ýar­dy. Çüý­şe gap­lar köp bol­ma­sa-da hä­zir­ki wagt­da hem ula­nyl­ýar. Dür­li aý­na gap­lar köp asyr­dan bä­ri ula­ny­lyp ge­lin­ýär. Eý­sem, çüý­şe gap­la­ryň ýu­ka me­tal­dan edi­len ga­pak­la­ry­ny il­kin­ji bo­lup kim oý­lap tap­dy­ka?! Bu ga­pak­la­ryň gy­ra­sy tol­kun şe­kil­li bo­lup, çüý­şä­niň ag­zyn­da­ky çyk­gy­da mä­käm ýa­py­şyp, ga­pa­gyň aşa­gyn­da­ky ýu­ka­jyk re­zin gat­la­jyk ga­byň için­dä­ki su­wy syz­dyr­man sak­la­ýar. 1838-nji ýyl­da dün­ýä inen ame­ri­ka­ly Wil­li­am Peýn­ter öm­rü­niň do­wa­myn­da bir­nä­çe za­dy oý­lap tap­ýar. Ol 17 ýa­şyn­da­ka de­ri önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän us­sa­ha­na­da işe baş­la­ýar. Bu ýer­de dört ýyl zäh­met çe­ken­den soň­ra, müş­de­ri­niň be­ren pu­lu­nyň gaý­tar­gy­sy­ny ber­ýän we bi­let kes­ýän en­ja­my oý­lap tap­ýar. Şeý­le hem şol ýyl­lar­da ol ot­ly wa­go­ny­nyň yz­ly­gy­na ýa­ty­ry­lyp, ýat­ma­ga amat­ly bol­ýan otur­gy­jy­ny oý­lap tap­ýar. 1862-nji ýyl­da bol­sa, ýa­sa­ma pu­ly anyk­la­ýan en­ja­my dö­red­ýär. In­že­ner-me­ha­nik ug­run­dan ýo­ka­ry bi­li­mi bo­lan Peýn­ter 1863-nji ýyl­da ne­bit çy­ra­ny ýa­sa­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ol me­tal us­sa­ha­na­syn­da 20 ýyl zäh­met çe­kip, se­na­gat­da ula­nyl­ma­ga ni­ýet­le­nen 35 gu­ra­ly oý­lap tap­ýar. Onuň oý­lap ta­pan açyş­la­ry­nyň kö­pü­siniň hä­zir­ki wagt­da möw­ri­ti­ geçen hem bol­sa, bir açy­şy hä­zir­ki gün­le­re çen­li ge­lip ýet­di. Şol ýyl­lar­da ýa­ňy peý­da bo­lup baş­lan gaz­ly suw­la­ry gap­la­mak aň­sat bol­man­dyr. Se­bä­bi bu suw ada­ty dy­ky­ly çüý­şe­le­re gap­la­nan­da, dy­ky­sy ga­zyň ba­sy­şy ne­ti­je­sin­de köp­lenç açy­lyp­dyr. Ol bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin 1885-nji ýy­lyň ap­re­l aýynda açyl­ma­ýan dy­ky­ny oý­lap tap­ýar. Şol ýy­lyň sent­ýab­r aýyn­da bol­sa, bu dy­ky­dan on es­se ar­zan bo­lan bir ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen dy­ky­ny oý­lap tap­ýar. Ol bu dy­ky­ny aç­mak üçin py­çak, çüý we şo­ňa meň­zeş ýi­ti gu­ral­lar­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Em­ma Peýn­ter bu açy­şy­nyň hem çüý­şä­ni gap­la­mak üçin amat­syz­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, bu ugur­da­ky işi­ni do­wam et­di­ren in­že­ner 1891-nji ýyl­da il­kin­ji ga­pa­gy oý­lap tap­ýar. Ýu­ka­jyk me­tal­dan ön­dü­ri­len bu ga­pak şeý­le bir amat­ly bol­ýar we­lin, hä­zir­ki wagt­da hem il­ki­baş­da­ky­sy ýa­ly ula­nyl­ýar. Bu ga­pa­gy aç­mak üçin ni­ýet­le­nen en­ja­my hem Peýtneriň özi oý­lap tap­ýar.