Gyş paslynyň bezegi bolan garyň ýagmagy hemmeler üçin şatlykly pursada öwrülýär. Gar oýnamagy, gardan dürli şekilleri we gar adam ýasamagy, megerem, halamaýan ýok bolsa gerek. Eýsem, gar nädip emele gelýär?!
Howa sowanda atmosferadaky kiçijik buz kristallary biri-birine ýapyşyp, gar emele gelýär. Howanyň temperaturasy 2 derejeden pes bolanda ýagyş, ýagny atmosferadaky çyglylyk gar görnüşinde aşak düşýär. 0 derejeden 2 dereje aralykda iň agyr gar gatlaklary Ýere düşüp bilýär. Gar uçganaklap, kebelekläp, boranlap ýa-da syrgynlap ýagýar. Garyň ýaldyraýan görnüşine buldurçyn diýilýär. Howa 0 derejeden ýyly bolanda gury gar ýagýar. Gury gar ýaganda buz kristallary biri-birine ýapyşmaýar. Şol sebäpli gar tozgalary hem kiçijik bolýar. Muňa başgaça «tozanly gar» hem diýilýär. Howa 0 derejeden aşak düşende, ýagny minus (–) bolanda, buz kristallary biri-birine ýapyşyp, owadan şekilli uly gar tozgalaryny emele getirýär. Garyň reňki ak bolup görünýän hem bolsa, aslynda suw ýaly reňksizdir. Gar tozgalary şöhläni yzyna serpikdirip, ak reňkde görünýär. Gar ýagýan ýerine görä, çal, mämişi we gögümtil reňkde hem bolup bilýär.
Gar atmosferadan 1 sagat çemesi wagtda Ýere düşýär. Garyň düşüş tizligi sagatda 1 kilometrden 14 kilometre çenli bolup bilýär. Tozgajyklar aşak düşýän mahaly howadaky çygy özüne çekýär we ýeliň ugruna görä tizligini artdyrýar. Tozgajyklaryň hiçisi beýlekisine meňzemeýär we ýere düşende biri-birine degmeýär. Gar tozgasy, esasan, şahajyga meňzeş 6 burçly buz kristallary görnüşinde bolýar.
PDF









