Biz gün­de­lik dur­muş­da dä­ne­li iý­mit­le­riň bi­ri bo­lan tü­wi­niň, adat­ça ak gör­nü­şi­ni gör­ýä­ris. Gö­räý­mä­ge su­wy aşa köp ta­lap ed­ýän bu ösüm­li­giň dä­ne­si di­ňe ak reňk­de bo­laý­jak ýa­ly. Em­ma tü­wi­niň sa­ry, go­ňur, gyz­gylt, hat­da ga­ra gör­nü­şi hem bar. Eý­sem, siz ga­ra tü­wi ba­ra­da eşi­dip­di­ňiz­mi? Ga­ra tü­wi­niň ada­ty tü­wü­den nä­me ta­pa­wu­dy bar­ka?
Ga­ra tü­wi beý­le­ki tü­wü­ler­den ýo­kum­ly­ly­gy, süý­jüm­tik ta­ga­my we ýum­şak­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Müň­ler­çe ýyl bä­ri tü­wi­niň bu gör­nü­şi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da eki­lip ge­lin­ýär. Hy­taý­da ir­ki dö­wür­ler­de «ga­da­gan tü­wi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ga­ra tü­wi el­ýet­mez iý­mit ha­sap­la­nyp­dyr. Hy­taý­la­ryň ynanç­la­ry­na gö­rä, ga­ra tü­wi­ni di­ňe im­pe­ra­to­ryň maş­ga­la­sy we baý emel­dar­lar iý­me­li di­ýen ga­ra­ýyş bo­lup­dyr. Se­bä­bi tü­wi­niň bu gör­nü­şi­ni iý­ýän adam­lar sag­dyn bol­ýar we uzak ýa­şa­ýar di­ýen ynanç bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hem hy­taý halk luk­man­çy­ly­gyn­da has­sa­la­ry be­jer­mek­de ga­ra tü­wi ula­nyl­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da ga­ra tü­wi­ni is­len­dik ýurt­da we is­len­dik res­to­ran­da gör­mek bol­ýar. Ga­ra tü­wi öň­ler iş­däa­çar­la­ra go­şu­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da bu tü­wü­den dür­li gör­nüş­li ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­ýar.

Sag­ly­ga peý­da­sy
Ga­ra tü­wü­de tü­wi­niň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de ýo­kum­ly mad­da­lar köp. Esa­san hem, öý­jük­le­riň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýan an­ti­ok­si­dant pig­ment­le­ri bar. Bu mad­da tü­wi­niň reň­ki­ne hem tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, ga­ram­tyl reňk ber­ýär. Ga­ra tü­wi gör­şi go­wu­lan­dyr­mak­dan baş­lap, düw­nük, süý­ji ke­se­li we ýü­rek-da­mar ýet­mez­çi­lik­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem içe­ge­ler­dä­ki ýo­kanç­lyk­la­ry azalt­ma­ga kömek ed­ýär. Ga­ra tü­wü­de E wi­ta­mi­ni, de­mir, kal­siý, ka­liý ýa­ly mad­da­lar, be­lok, sü­ýüm we ýo­ka­ry de­re­je­de an­ti­ok­si­dant sak­lan­ýar.
Ak tü­wä ga­ra­nyň­da, ga­ra tü­wi­ni bi­şir­mek üçin has uzak wagt ge­rek bol­ýar. Şol se­bäp­li ga­ra tü­wi­ni il­ki 30-60 mi­nut çe­me­si suw­da ezip goý­ma­ly. Soň­ra taý­ýar­la­mak is­le­ýän na­ha­ry­ňy­za gö­rä ga­ra tü­wi­ni 1 sa­gat tö­we­re­gi bi­şir­me­li. Ga­ra tü­wi­ni gaý­nat­mak, go­wur­mak we bug­la­mak ar­ka­ly dür­li ta­gam­la­ry taýýarlap bol­ýar. Köp ýurt­da ga­ra tü­wi ada­ty tü­wi bi­len ga­ry­lyp bi­şi­ril­ýär. Biş­me­dik ga­ra tü­wi­ni ho­wa geç­me­ýän gap­da 6 aýa çen­li sak­lap bol­ýar. Ga­ra tü­wi Hy­taý­da, Tai­land­da, In­do­ne­zi­ýa­da, Fi­lip­pin­ler­de we Hin­dis­tan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Her ýyl dün­ýä­de 500 mil­li­on ton­na ga­ra tü­wi ön­dü­ril­ýär.