7-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Konsertiň açylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
Soňra “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy. Onda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, noutbuk kompýuterleri, planşetler we degişli diplomlar gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen aýdymçy çagalar:
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Perhat Azadowiç Gaýitnazarow;
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Muhammetemir Amanmyradowiç Çaryýew;
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Täçmuhammedowna Täçmuhammedowa;
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzuw Orazowna Aganyýazowa;
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 76-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Dädemyrat Sapaýewiç Arazklyçow;
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Daýanç Raşidowiç Raýhanow;
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jemşit Begenjowiç Garýagdyýew.
Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.